Halkara gatnaşyklar we walýuta amallary

 

Marketing amallary

 

Gymmat bahaly kagyzlar bilen amallar

 

Plastik kartlar bilen amallar

Главная
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden!
12.01.2015 16:26

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden!
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Beridmuhamedow 2015-nji ýylyň 9-nji ýanwarynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Bank ulgamynyň öňünde bir näçe wezipeler goýdy.
Olaryň esasylarynyň biri, puluň hümmetiniň pese düşmeginiň öňüni almakdan, bu görkezijini göz öňünde tutulan ortaça 6 göterimden geçirmän saklamakdan ybaratdyr. Bank ulgamy pul dolanyşygyny düzgünleşdirmek we oňa gözegçilik etmek esasynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini pul serişdeleri bilen zerur möçberde üpjün etmelidir.
Şeýle hem ýurdumyzyň ykdysady ösüş depgininiň durnukly bolmagyny üpjün etmek üçin ähli täjirçilik banklar karz beriş işjeňligini ýokarlandyrmaly.
Ýurdumyzda alnyp barylýan pul syýasaty, öňküsi ýaly, esasy wezipäni çözmäge – manadyň daşary ýurt puluna bolan hümmetini saklamaga we onuň durnukly bolmagyny üpjün etmäge gönükdirilmelidir.

 

Случайная новость

«Rysgal» PTB-niň resmi saýtyna hoş geldiňiz. «Rysgal» PTB-y Türkmenistanyň hususyýetçileri tarapyndan döredilen bankdyr.

Daşary ýurt pulunyň hümmeti Biz gelejegi Siz bilen döredýäris.

Walýuta gatnaşyklary

WalýutaTMT
EUR 3,7849
USD 3,5000
Çeşme: TMB